RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.  Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly me...

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşi...

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu günki Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de olary mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi....

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi....

DOWAMY
18 Sen

В ТУРКМЕНИСТАНЕ ЗАФИКСИРОВАН ОДИН ИЗ САМЫХ ВЫСОКИХ В МИРЕ ПОКАЗАТЕЛЕЙ РОСТА ИЗУЧАЮЩИХ ЯПОНСКИЙ ЯЗЫК

В настоящее время число изучающих японский язык в учебных заведениях Туркменистана составляет около 13 360 человек. Об этом сообщил посол Японии в Туркменистане Ямамото Хироюки на торжественной церемонии по сдаче в эксплуатацию 3-х кабинетов для обучения японскому языку в ТНИМЯ им.Д.Азади. «Для сравнения, в 2015 году, когда Туркменистан посетил бывший премьер-министр Синдзо Абэ, число таких студентов было примерно 50 человек. Это один из самых высоких показателей роста числа изучающих японски...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň “The Nippon Foundation” atly fondunyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ylym we bilim ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim...

DOWAMY