SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Bitaraplygyň hallkara güni mynasybetli press brifing geçirdi
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Bitaraplygyň halkara güni” baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Halkara Bitaraplyk gününi bagyşlanyp wagyz-düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň “Mainichi”, “Dentsu”, “Fuji television network inc.”, “The Tokyo shimbun” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, “Japan-Eurasia” jemgyýetçiliginiň wekilleri...
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi
Paýtagtymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi açyldy, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Ýöriteleşdirilen sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär hem-de daşary ýartlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda ýurdumyzyň okgunly ösýän bazarynyň gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähb...
Tamas Ajan Gurbanguly Berdimuhamedowy 2018-nji ýylda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlady
Hormatly Prezidentimize, Milli Olimpiýa Komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajandan gelip gowşan hatda şeýle diýilýär: HAF-yň adyndan iň gowy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de HAF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýylyyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde bolan mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň 2018-nji ýylyň agyr atletika boýu...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Horii Manabu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň giň ugurlara gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şoňa görä-de, iki ýurduň däp bol...
DURNUKLY ENERGETIKA ÖSÜŞINIŇ MESELELERI – ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN TELEGEPLEŞIK
2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak bilen telegepleşik ýazgy edildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar, hem-de Türkm...