RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Müsür Arap Respublikasynyň ýolbaşçyl...

DOWAMY
7 Iýun

TÜRKMENISTANDA MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara g...

DOWAMY
7 Iýun

RIMDE TÜRKMENISTAN BILEN ITALIÝANYŇ ARASYNDAKY MEDENI GEPLEŞIKLER DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa Rim şäheriniň meri Roberto Gualtieri bilen duşuşdy. Duşuşykda medeniýetara gepleşiklere we medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem, Italiýada Türkmenistanyň täsin eserleriniň sergisini geçirmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Rimdäki Kapitoliý...

DOWAMY
7 Iýun

TÜRKMENISTAN WE ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK ÜÇIN GELJEKKI ÄDIMLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan...

DOWAMY
7 Iýun

MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahauddin al-Nagari bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra, T...

DOWAMY
7 Iýun

TÜRKMEN-MOLDOWA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Waleriu Kiwer (bolýan ýeri Kiýew ş.) bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalarynyň gowşurylyşynyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barýan işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da g...

DOWAMY
6 Iýun

TÜRKMENISTAN WE BMG HYZMATDAŞLYGY HAS-DA PUGTALANDYRMAK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory hanym G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligini...

DOWAMY