RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Few

Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapo...

DOWAMY
pic
21 Few

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen hy...

DOWAMY
pic
21 Few

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk...

DOWAMY
pic
15 Few

Tokioda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri statistiki usulyýet bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) guramagynda 2024-nji ýylyň 5-15-nji fewraly aralygynda Tokio şäherinde Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen Statistiki hasabatynyň, usulyýetiniň, ulanylyşynyň we üpjün edilmeginiň sanawyny düzmek boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Okuw maksatnamasynyň dowamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri bilen Türkmenistanyň Statist...

DOWAMY
pic
15 Few

Türkmenistan we Ýaponiýa sanlaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Hadysalara taýýarlyk we kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň Milli Merkeziniň wekili bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň we sanlylaşdyrma pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, duşuşykda kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berild...

DOWAMY
pic
13 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy. “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň  dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmeler...

DOWAMY
pic
13 Few

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hyzmatdaşl...

DOWAMY