Tapylan netije sany: 3204
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURLUŞYK MESELELERI BOÝUNÇA DEPARTAMENTINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir doly özleşdirilmedik ugurlaryň biri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
15-nji iýulda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berd...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR ULAG HYZMATDAŞLYGYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GURNALDY
2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň we maliýe edara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY DESGANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze desganyň toý bagyny kesdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň dolandyryş binasyna girip, mejlisler zalynda özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçdi. Bu ýerde dabaraly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ÇALYK HOLDING” KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz işewüre Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, türk kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň neti...
TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLARYŇ MUNDAN BEÝLÄK-DE PUGTALANDYRYLMAGY BILEN BAGLY MESELELER BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda kabul edilen borçnamalarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNDAKY ÇYKYŞY
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine şu duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden hem sowlup geçmed...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SEBITIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.
Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanas...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.
Çy...