Tapylan netije sany: 3204
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TOKIODA GEÇIRILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ MAÝA GOÝUM FORUMYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Tokio şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Maýa goýum forumy geçirildi. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow ýolbaşçylyk etdi.
Agzalan forum açylyşdan hem-de söwdany maliýeleşdirmeklige, arassa energiýa çeşmelerine geçmeklige we akylly infrastrukturalary ornaşdyrmaklyga gönükdirilen mejlislerden ybarat boldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Muhammetgeldi Serdarow ýurdumyzda daşary ýurt maýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY
2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimu...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYTÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny geçirmek maksady bilen, amerikan telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz...
AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
«Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc...
BAKUDA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNY BERKITMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjana iş sapary bilen bardy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow azerbaýjan liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuh...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna iki günlük sapary amala aşyrýar.
2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy açmak bilen, rus daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy özara hormat goýmak,...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň çäginde türkmen-rus söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Soňky ýyllarda gatnaşyklara güýçli itergi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.
Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýü...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI DUŞUŞYKDA AZERBAÝJANYŇ PARLAMENTI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady.
Kom...