Tapylan netije sany: 3204
EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK BARADA
2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşdy.
Duşuşykda ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda iň ýokary...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat halkara hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary wezipesine bellenmegi bilen K.Ömüraliýewi gutlady we bu jogapkärçilikli işinde üstünlik arz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň ýakynda Türkmenistana...
«AWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ENERGETIKA ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DUŞUŞDYLAR
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen, özara bähbitlere giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. ...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ULAG ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY “AWAZADA” DUŞUŞDYLAR
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzir...
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda, ýagny 2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, birinji sammit...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 14-nji dekabrda Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürdmek barada pikir alyşdylar. Esasan hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşdy.
Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljek ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmek üçin uly mümkinçili...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarl...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähmiýet bermek bilen, taraplaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze tapgyra gadam basan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mund...