Tapylan netije sany: 3204
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ej...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SIRIÝA ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MUZEÝINDE MUZEÝ GYMMATLYKLARYNY REJELEMEK IŞINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler” atly brifing-maslahatyny gurnady. Bu çäräni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Çaryýew Meretgeldi alyp bardy.
Bu brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň, HHR-iň we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we w...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda dipl...
TÜRKMENISTAN TÜRKIÝÄNIŇ DOGANLYK HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
2023-nji ýylyň 7-nli fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
Doganlyk halklar bilen dostlukly gatna...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ILÇIHANASYNA BARDY
2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky Ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Dol...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ABŞ-NIŇ ILÇISI M.KLIMOU BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketine, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek ugrunda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen gatnaşyklarynyň netijeliligini nygtadylar, häzirki we geljekki taslamalary gözden geçirdiler hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýurduň daşary syýasatynyň s...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BIRINJI PARLAMENTARA FORUMYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Forumyň barşynda de...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdi...