Tapylan netije sany: 3201
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, motoýörişiň üstünlikli geçirilmegini hem-de Hazar sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak işinde öňde goýlan maksatlara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
Iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça soňky ýyllarda baý we oňyn tejribe toplanandygyny aýtdy. Bu bolsa türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik...
СОСТОЯЛОСЬ МЕРОПРИЯТИЕ, ПОСВЯЩЁННОЕ РОЛИ ТУРКМЕНСКИХ ЖЕНЩИН В ОБЩЕСТВЕННОЙ И ГОСУДАРСТВЕННОЙ ДЕЯТЕЛЬНОСТИ
Сегодня, 6 апреля 2023 года, в здании Торгово-промышленной палаты Туркменистана прошло культурное мероприятие «Туркменская женщина – образцовый пример в общественной и государственной деятельности».
Целью данного представительного форума является широкое освещение роли и места женщин в жизни туркменского государства и общества, их усилий в реализации различных направлений развития как на национальном, так и международном уровне. Как известно, забота о женщинах, повышение их статуса в обществе...
TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN MÖHÜM MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewiň şol ýyl türki dünýäs...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasy bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler,...
METBUGAT ÜÇIN BEÝANNAMA
Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň umumy başlangyjy boýunça döredilen bu gurama adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de her bir adamyň nirededigine garamazdan, saglygyň we rowaçlygyň iň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçiligi...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/113235TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň wekiliýetini...
TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi.
Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi.
Häzirki w...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň...
GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy.
Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy.
Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...