Tapylan netije sany: 3201
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNESKO-NYŇ WEKILINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sung...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeltiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy ulgamy, parlament diplomatiýasyny we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, energetika we ekologiýa howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, yn...
«GOETZPARTNERS» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen Germaniýanyň "Goetzpartners" kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde pikir alşyldy.
“ÝHHG-NIŇ ÇÄGINDE HOWPSUZLYGY, DURNUKLYLYGY WE DIALOGY BERKITMEKDE BITARAP DÖWLETLERIŇ ORNY” ATLY HALKARA MASLAHATY BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady.
Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek “Herekete çagyryş — Helsinki+50”...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzma...
SERBIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Serbiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Momçilo Babiç bilen duşuşygy geçirildi.
Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesinde alyp barýan işlerine mümkin bolan ähli ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Syýasy-diplomatik ugurda taraplar syýasy dialogy ýokary der...
RF-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi.
Duşuşygyň başynda RF-nyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady.
Diplo...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM2023" HALKARA YKDYSADY FORUMA GATNAŞÝAR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi.
Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça...
ГЕНЕРАЛЬНАЯ АССАМБЛЕЯ ООН ПО ИНИЦИАТИВЕ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОВОЗГЛАСИЛА 26 НОЯБРЯ ВСЕМИРНЫМ ДНЁМ УСТОЙЧИВОГО ТРАНСПОРТА
День проведения первой Глобальной конференции по устойчивому транспорту в Ашхабаде 26 ноября 2016 года провозглашён Всемирным днём устойчивого транспорта. Резолюция об провозглашении этого дня была принята Генеральной Ассамблеи ООН по инициативе Туркменистана 16 мая 2023 года в ходе 70-ого пленарного заседания 77-ой сессии Генассамблеи.
Представляя резолюцию «Всемирный день устойчивого транспорта», Постоянный представитель Туркменистана при ООН, Посол Аксолтан Атаева подчеркнула, что в постан...