Tapylan netije sany: 3201
TURKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti t...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuý gepleşikleri geçirdiler, onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.
Netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda taraplaryň türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmeklige gönükdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirend...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARY BILEN DUŞUŞYKLARY BARADA
Şu ýylyň 4-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi.
Fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda, hususan-da, “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasy, «French Healthcare Association» birleşigi, «Coface» maliýe edaralary, «UBAF» Union de Banques Arabes et Françaises, «Société Générale CIB» we «Credit Agricole», «IB2C France» federasiýasy, «CIFAL International S...
TÜRKMENISTANDA TÄZE ZELANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Sara Meri Uolş hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyn...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy.
Taraplar “Ýe...
TÜRKMEN-WÝETNAM DIM-ARA GEŇEŞMELERI BARADA
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI PORTUGALIÝADA AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy.
Dabaranyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy, şeýle hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Taraplar türkmen-port...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-HABITAT BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen...
TÜRKMENISTAN ANWAR GARGAŞ ADYNDAKY DIPLOMATIK AKADEMIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE MAKSAT EDINÝÄR
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmeni...
UNFPA-NYŇ SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýylla...