Tapylan netije sany: 3201
TOKIO ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA SERGIDE ÝAPON SURATKEŞLERINIŇ “TÜRKMENISTAN” ATLY SUNGAT IŞI TANYŞDYRYLDY
2023-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen “Şin-Inten” atly 55-nji Halkara sergisiniň açylyş dabarasynda ýapon suratkeşi Miçio Komine türkmen baýdagynyň öňünde Ahalteke aty şekillendirilen “Türkmenistan” atly öz çeper suratyny sergiledi.
Halkara sergini gurnaýjylaryň bellemeklerine görä, bu sungat işi Tokio Metropoliten sungat muzeýine gelýänleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Miçio Komine türkmen halkynyň milli genji-...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDAKY YLYM-BILIM ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetine bilim goldawy bermek bilen baglanyşykly şertnama bağlaşmak maksady bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary amala aşyryldy.
Agzalan ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti jenap Nagata Kýosuke bilen Oguz han uniwersitetiniň rektory jenap Gurbanmyrat Mezilowyň arasynda şertnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
TÜRKMENISTANYŇ NATO-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Dowam edýän bilelikdäki işiň çäginde taraplar bilim pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny belledil...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy.
Özara hereketleriň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamy bellenildi we onuň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda netij...
WÝETNAMYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) täze bellenen Ilçisi Dang Ming Hoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.
W.Hajiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda diplo...
TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY BABATYNDA ÖZARA PIKIR ALYŞYLDY
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.
Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda gubernator Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşýan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.
Gubernator döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan do...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE WÝETNAMYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 11 sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatlaryny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi, öz gezeginde, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny we iň gowy...
TÜRKMEN-SINGAPUR DIM-ARA GEŇEŞMELERI HAKYNDA
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibini hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-...