Tapylan netije sany: 3201
Tokio şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen halkynyň şekillendiriş sungatynyň we milli tagamlarynyň sergisi guraldy
2024-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Tokio şäherinde geçirilen Türki döwletleriniň medeni festiwalynyň çäklerinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen halkynyň amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň we şaý-sepleriniň hem-de milli tagamlarynyň sergisi guraldy.
Serginiň çäklerinde guralan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň diwarlygy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna mümki...
В Институт японского языка Японского фонда в Кансай и в Библиотеку Кумагая префектуры Саитама переданы книги Национального Лидера туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедова
В рамках провозглашения в Туркменистане 2024 года годом «Кладезь разума Махтумкули Фраги», Посольство Туркменистана в Японии передало в Институт японского языка Японского фонда в Кансай, а также в Библиотеку Кумагая префектуры Саитама книги Уважаемого Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Его Превосходительства Гурбангулы Бердымухамедова, переведенные на японский язык.
Данные произведения охватывают широкий спектр жанров и тем, а также классических произведений...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi.
Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edara...
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt KHBS-iň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ählihalk baýramyna – Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň ýokary ynsanperwer däplerine we adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beý...
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Iwanowiç Woronkow bilen duşuşyg...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG) Başlyklyk edýän Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri, Ýan Borguň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-nyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistany...
Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrliklerin...
Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Marko Juriç bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmäge ýurtlaryň özara ygrarlydygyny beýan etdiler. Türkmenistan bilen Serbiýanyň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Taraplar söw...
Министр иностранных дел Туркменистана выступил на 79-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН
27 сентября 2024 года Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов выступил на пленарном заседании 79-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН.
В ходе выступления глава внешнеполитического ведомства отметил значимость сложения усилий международного сообщества на пути к достижению всеобщего мира, стабильности и устойчивого развития.
Подчеркнуто, что Туркменистан высоко оценивает стратегическое многоплановое сотрудничество с Организацией Объединенных Наций. Мир и безопасность, устойчивое...
«C5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda bu formatyň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijeliligini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurl...