Tapylan netije sany: 3201
«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza»milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi.
Irden, 12-nji awgustda Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň alyp barmagynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy dabarasy geçirildi.
Maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenm...
Türkmenistan we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Çarlz Hoseniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatl...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwletara gatnaşyklaryň geljekki ösüşinde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we k...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meselelere garaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynda bilelikdäki işiň çäginde sy...
ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýag...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly dö...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi.
Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangul...
«Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň dö...
Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar.
Bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy.
Şanly wakanyň hormatyna...
Türkmenistanyň DIM-nde ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer.
Resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatda...