Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa iki günlük resmi sapary başlandy. Şol gün Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň geri...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň ýokary ýolbaşçylygy bilen duşuşyklary
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Tbilisi şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň başynda Mejlisiň ýolbaşçysy Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Geçirilen söhbetd...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy.
25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hy...
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerindäki gazanylan üstünlikleri we geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemiş...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar.
***
Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogyny...
Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy.
Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara...
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şo...
London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow London gazna biržasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hogget hem-de Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) Ykdysady sekretary Lýusi Rigbi bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde ählumumy maýa goýum akymlarynyň kemala gelmegindäki ähmiýetini belledi. Şeýle hem britan hyzmatdaşlary bilen ama...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy dialogy çuňlaşdyrmagyň, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa formatynda ilkinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetda...