Tapylan netije sany: 3201
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 20-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň halklaryny ýetip gelen Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
“Biziň halklarymyz bu nurana baýramy asyrlaryň dowamynda bilelikde belläp gelýärler. Ol halklarymyzy birleşdirip, taryhy kök...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýo...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý...
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Ark...
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon söhbetdeşligi barada
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen birlikde, A. Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tara...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan "Çagalar üçin owadan älem we sazlaşyk ruhy" atly çagalar festiwalyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan "Çagalar üçin owadan älem we sazlaşyk ruhy" atly çagalar festiwalyna gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda «Fujisan Çidama» atly çagalar jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Masao Watanabe parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan we şu ýylyň 29-njy martynda bellenilýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň «Green EXPO2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji martynda «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem 20...
Türkmenistanyň DIM-inde Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kan...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi A. Baýramow 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparyny guramakda berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri S.Takaýitiniň Türkmenistana saparyny ýapon tarapy üçin amatly wagtda guramaga taýýardygyny nygtady.
Taraplar...