Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žo...
Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 29-njy iýuny–1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyMergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa gulluk iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň maksady 2027-nji ýylyň 19-njy marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine taýýarlyk görmek maksady bilen guralan halkara gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat boldy.
Halkara gatnaşyjylaryň duşuşygynyň çä...
Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. HZG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýa...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon tarapynyň wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny jikme-ji...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.
Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
– Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Sizi eýran topragynda hoş gördük! Şeýle agyr günde eýran halkyna goldaw bermegiňiz we duýgudaşlyk bildirmegiňiz halkymyz we döwletimiz üçin uly ä...
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.
Mikail Jabbarow duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 8-nji ýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
Mikail Jabbarow mähirli kabul edilendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza iberen...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejele...
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünlikleri...