Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 04-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy jenap Ý. Hara bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda jenap Ý. Hara JATA-nyň başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlanyldy we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen JATA-nyň arasynd...
OGT-2026
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026" dünýäniň energetika jemgyýetini Aşgabatda jemlär
2026-njy ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026" atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Merkezi Aziýadaky öňdebaryjy halkara energiýa platformalarynyň biri bolan bu çäre döwlet edaralarynyň, milli energiýa kompaniýalarynyň, halkara nebit we gaz operatorlarynyň, maýadarlaryň, maliýe edaralarynyň, tehnologiýa üpjün edijileriniň we dünýäniň dür...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň häzirki başlygy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝHHG-niň işiniň häzirki gün tertibindäki meselelerini, Türkmenistan bilen Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Ko...
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Hiroşima we Nagasaki şäherlerinde geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow 2026-njy ýylyň 06-njy awgustynda Hiroşima we 09-njy awgustynda Nagasaki şäherlerinde bu şäherleriň atom bombalanmagynyň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy.
Agzalan çärelere Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň Ýokarky palatasynyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärelerde edilen çykyşlarda ýapon tarapy ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna...
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde ol Serhetabat etrabynyň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna baryp, şol ýerden Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.
Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzm...
BMG bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk utgaşdyrmak we amaly taýdan ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we T...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Wilýam Lif bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk, ykdysady-ekologik hyzmatdaşlyk we ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar daşky gurşawy goramak we Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlyg...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler kesgitlenildi....