Tapylan netije sany: 3201
ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we F.Kisidanyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, söwda we ykdysadyýet ulgamlarynda iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan üstünlikli dialogyň batly gadamly gatnaşyklaryň gir...
AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA+ ÝAPONIÝA” GEPLEŞIGINIŇ ÇÄKLERINDE DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 6-NJY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşiginiň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri, bu döwletleriň Aşgabatda akkreditirlenen Ilçileri, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşigi Ýapo...
TÜRKMENISTAN – ÝAPONIÝA: ÖZARA PEÝDALY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäli 12-nji mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýet Ýaponiýa iş sapary bilen geldi.
Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatyndaky dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Daşary işler minstri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Tokio şäherine ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisiniň işine gatnaşmak üçin bardylar.
Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentinde ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň Başlygy j-p Endo Toşiaki bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ylym, bilim we sport u...
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler.
Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
Aşgabat 2017-niň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabara
11Iýun
Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäheriniň köpugurly stadionynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada çykyş eden tansçylaryň we medeniýet işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 100-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tomaşa etdiler. Bu çäre paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde birnäçe gün dowam eden halkara media forumyň çäginde taýýarlanyldy.
Aşgabatda geçiriljek Oýunlar barada habar berm...
Aşgabatda “Aziada-2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp görüp, bu ýerde guralan “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy. Sergi oýunlaryň açylmagyna çenli 30 günüň galmagyna bagyşlanyldy.
Şu ýerde Türkmen gawunynyň güni mynasybetli naýbaşy bakja önümlerine bagyşlanylan baýramçylyk dabaralary hem geçirildi. Şu mynasybetli sport şäherjiginiň çäklerini gawundan doldurylan tekjeler, sergiler bezedi. Şolarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bakjaçylary...
“Aşgabat 2017” Oýunlaryna futzal boýunça bije atyldy
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksatnamasynyň çäklerinde futzal boýunça ýaryşlara bije atyldy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Wýetnamyň, Taýbeýiň (Hytaý), Gonkongyň (Hytaý) we Solomon adalarynyň türgenleri bilen “A” toparda çykyş eder. Bu bäsleşikleriň “Aşgabat 2017” oýunlarynda iň gyzyklylarynyň biri boljakdygyny bellemek gerek.
Bije atylyş çäresi başlanmazyndan ozal “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jeýms Bulleý dabara gat...
V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar.
Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR
2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...