ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, 2016-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmeistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan, Ýaponiýanyň Şinjuku Ritsu Kaşiwagi orta mekdebinde okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda, Türkmenistan barada tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň gözel künjekleri, nepis el halylary, ahalteke bedewleri, milli şaý-sepleri we türkmen tagamlary bilen giňişleýin tanyşdyrylyp, mekdep okuwçylarynyň Türkmenistan barada beren soraglaryna hem degişli jogaplar berildi. Bu çärede, Ilçihana tarapyndan türkmen milli suwenir önümlerinden we fotosuratlardan gurnalan sergi mekdep okuwçylarynda we mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda çagalaryň ýerine ýetirmeginde dürli oýunlara tomaşa edildi.