Türkmen wekiliýeti sebitleýin iş duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. 

Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen hatyny okady. Milli Liderimiziň hatynda ýakyn goňşular bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň sebitiň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlygy maksat edinýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ynanyşmak gatnaşyklarynyň öňe ilerlemegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi nygtalýar. 

Türkmenistan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, biziň sebitimiziň ýurtlary bilen, şol sanda dürli halkara derejelerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemişe işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda sebitleýin howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu meselelere Türkmenistanyň mizemez we yzygider çemeleşmelerini bellemek zerurdyr. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösmegini, bu ýerde dawaly ýagdaýlara ýol berilmezligini, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyny, özara bähbitleriň berjaý edilmegini hem-de nazara alynmagyny üpjün edip biljek berk we netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda pugta çykyş edýär diýlip, hatda bellenilýär. 

Häzir biziň öňümizde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça meseleleriň bir topary durýar. Şol ösüşiň gazanylmagy köp babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky özara düşünişmegiň derejesine hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň ykdysady kuwwatynyň, dünýä derejesinde onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky ugra eýerýär, bu bolsa sebitleýin energetika, ulag, aragatnaşyk we söwda taslamalary durmuşa geçirilmezden mümkin däldir. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir sebitde energetika pudagynda energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan Günorta Aziýanyň hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykarmak üçin toplumlaýyn turbageçiriji düzümlerini döretmäge mümkinçilik berýän uly geljegiň açylýandygyny belledi. 

Soňky ýyllarda Türkmenistandan Eýrana we Hytaýa çekilen turbageçirijiler, şeýle hem sebitiň ykdysady ösüşine, örän wajyp bolan möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iş ýüzünde amala aşyrylmaga başlanan tapgyry şeýle meýilnamalaryň üstünlige beslenýändiginiň we durmuşda mynasyp orun tutjakdygynyň subutnamasy bolup durýar. 

Türkmen Lideriniň ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem ähmiýeti pes däldir. Häzirki döwürde awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň ulanylmagy bilen “Demirgazyk — Günorta” we “Günbatar — Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny has-da işjeňleşdirmegiň geljegi esaslandyrylan ýagdaýda görünýär. Bu taslamalar Ýuwaş ummandan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmäge ukyplydyr. 

Türkmenistan bu ugurda bilelikdäki meýilnamalary netijeli ara alyp maslahatlaşmaga we işläp taýýarlamaga taýýardyr diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatynda bellenilýär. 

Şeýle hem milli Liderimiz suw diplomatiýasy baradaky wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2017-nji ýyldan bäri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ygtyýarly başlygy bolmak bilen, ekologiýa hem-de Merkezi Aziýada suwdan oýlanyşykly peýdalanmak babatda olaryň sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine örän uly täsir edýändigini nazara alyp, işleri depginli alyp barýandygy nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Aralyň ýakasyndaky ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, bu sebitde suw serişdelerini aýawly peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramagyň ýokary derejesini üpjün etmek meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň özara hereketlerini güýçlendirmegiň we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. 

Merkezi Aziýada suw meselesi sebitleýin işlerde örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, ylalaşyk gazanmak netijeli gatnaşyk etmek, şol sanda ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin ýeke-täk kabul edip boljak ýagdaý bolup durýar. 

Türkmenistanyň Baştutany öz hatynda sebitiň ýurtlarynyň Liderlerine iň oňat arzuwlaryny, doganlyk halklara bolsa abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk baý tejribesiniň Merkezi Aziýada goňşuçylyk, dostlukly özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi. 

Türkmen Lideriniň ýüzlenmesinde deglip geçilen meseleler Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowy kabul edeninde bolan duşuşygyň barşynda hem öz beýanyny tapdy. 

Gazak Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salam aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uly goşandyny belledi hem-de Gazagystan üçin Türkmenistanyň hemişe möhüm strategik hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. 

Söhbetdeşlikde häzir sebitiň doganlyk halklarynyň arasynda özara hereket etmek boýunça täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şol gatnaşyklary netijeli peýdalanmak zerur. Hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin örän uly mümkinçilik bar. 

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitleýin birnäçe iri möçberli taslamalary durmuşa geçirip, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň başlangyçlary hemişe özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyk etmek ýörelgelerinden gelip çykýar hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.