TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti
Frank-Walter Ştaýnmaýeriň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek işine goşant goşmak üçin döredilen bu çäräniň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýar hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işleri ynsanperwerleşdirmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigini nygtady.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda dialogy giňeltmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, biziň ýurtlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Ýokary derejedäki çäräniň netijeleri we “Merkezi Aziýa + Germaniýa” formatyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegi anyk netijelere gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Germaniýa iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek - Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça duşuşyga gatnaşdy.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy, “СLAAS KGa GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde geçirilen işewürlik çäresine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. German tarapyna ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo Filipp, aýratyn tabşyryklar boýunça federal ministri, GFR-iň Kansleriniň edarasynyň ýolbaşçysy Wolfgang Şmidt, «Linde GmbH», «GP Günter Papenburg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB Engineering and Consulting», «BayWa AG» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşiniň Merkezi Aziýa sebiti bilen Germaniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejesiniň kemala getirilmegine kuwwatly itergi berer diýip bellemek bilen, häzirki wagtda biziň sebitimiziň tutuş dünýäniň belli kompaniýalarynyň ünsüni barha köp özüne çekýändigini aýtdy. Munuň özi, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň bardygy hem-de uly adam mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir.

4 million inedördül kilometre golaý meýdany eýeleýän Merkezi Aziýanyň geografik taýdan örän amatly ýerleşýändigi, sebitde yklym ähmiýetli ulag-logistika merkezini döretmegiň geljegi, ählumumy azyk howpsuzlygynyň çözülmegine uly goşant goşmak mümkinçiligi bu barada şeýle diýmäge esas berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletimiziň ykdysady kuwwaty barada aýdyp, käbir makroykdysady görkezijileri mysal getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Biziň ykdysadyýetimize gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine golaýyny düzýär.

 Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň hyzmatdaşlygynyň käbir ileri tutulýan ugurlary barada hem durup geçdi.

Duşuşygyň çäklerinde altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we olary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň gurallary, şol sanda, dürli ulgamlarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki duşuşyklaryň geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleri bilen GFR-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli sepgit bolar diýip nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gün tertibiniň anyk meselelerine geçip, esasy ugurlaryň birnäçesine ünsi çekdi. Howpsuzlyk bilen bagly mesele ilkinjileriň hatarynda görkezildi. Bu mesele islendik jemgyýetiň durmuşynyň esasy zerurlygy bolmak bilen, toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Ikinji ugur ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek bilen baglydyr. Şunda energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, ulag özara baglanyşygyny döretmek, suw hem-de azyk meseleleri çözmek, ylmy-tehniki ösüşi senagatyň pudaklary bilen utgaşdyrmak we netijeli maliýe-maýa goýum gurallaryny döretmek has möhüm bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, ekologiýa we “ýaşyl” geçiş üçünji ugur bolup durýar. Howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ählumumy gün tertibindäki meseleleriň ilkinjileriniň hatarynda durýandygyndan ugur alyp, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýar. Ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredilýär, az uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak boýunça işler alnyp barylýar.

Dördünji ugur medeni-durmuş we ynsanperwer ulgamlar bilen baglanyşyklydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Birek-biregiň dilini öwrenmek, halklarymyzyň özboluşly medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýardam bermek, bilimleri alyşmak - bularyň hemmesi ägirt uly peýda getirýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.