Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Konwensiýa güýje girer

photo

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda «Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Konwensiýa» güýje girer.

Bu resminama 2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlaryň bilelikdäki 15-nji mejlisiniň dowamynda gol çekildi.

2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda resmi diplomatik notalary alyş-çalyş etmegiň netijesinde bu Konwensiýa 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda güýje girer.

Täze resminama iki ýurduň arasynda maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine, şeýle hem hereket edýän degişli kärhanalar we şahsy taraplar üçin salgyt taýdan has anyk we durnukly şertleriň döredilmegine hyzmat eder.