Türkmenistan we AÖB Aşgabatda lukmançylyk orta hünär mekdebi barada Ylalaşyga gol çekdiler
Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) prezidenti Masato Kandanyň Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda duşuşyk geçirildi we agzalan duşuşygyň netijesi boýunça sosial hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny döredýän iki resminama gol çekildi.
Duşuşykda, Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda Aşgabatda lukmançylyk orta hünär mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bu bankyň arasynda tehniki goldaw barada resminama gol çekildi.
AÖB-niň maglumatyna laýyklykda, Ylalaşyk okuwyň hilini ýokarlandyrmak we şepagat uýalaryň hem-de göbek eneleriň sanyny köpeltmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek üçin 77 million dollaryň bölünip berilmegini öz içine alýar.
Agzalan möçberden 75 million dollary karz hökmünde, 2 million dollary bolsa Ýaponiýanyň gülläp ösýän we durnukly Aziýa gaznasyndan grant hökmünde berler. Taslamanyň umumy bahasy, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki maliýeleşdirmesi bilen birlikde, 98 million dollara deň diýlip çaklanylýar.
AÖB-niň Turkmenistandaky ilkinji saglygy goraýyş başlangyjy bolan bu taslama Aşgabadyň lukmançylyk orta hünär mekdebi üçin täze, howa şertlerine durnukly binanyň taslamasyny we gurluşygyny öz içine alýar.
Bina döwrebap simulýasiýa laboratoriýalary, umumy ýaşaýyş jaýlary we amaly okuwlar üçin beýleki öňdebaryjy serişdeler bilen üpjün ediler. Tehniki goldaw bolsa okuw maksatnamalaryny täzelemäge we mugallymlaryň hünär derejesini halkara ülňelerine laýyklykda ýokarlandyrmaga gönükdiriler.