Türkmen dzýudoçysy «Grand Slam» halkara ýaryşyny bürünç medal bilen jemledi

3-nji dekabrda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde dzýudo boýunça iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýan «Grand Slam» halkara ýaryşy jemlendi. Iki günläp dowam eden halkara  ýaryşa 84 döwletden 506 türgen gatnaşdy. Bu ýerde çykyş eden türkmen ýygyndysyna 8 türgen wekilçilik etdi.

Şeýlelikde, 66 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminiň esgeri üstünlige uzaýan ýolda amerikaly A.Berlineri, azerbaýjanly Y,Najafowy hem-de R.Izworeanu ýaly ussatlary ýeňlişe sezewar etdi. Mundan başga-da, braziliýaly W.Liwany hem-de mongoliýaly E.Battogtoghy ahmyrda goýmagyň hötdesinden geldi.

Ynamly çykyşy türkmen türgenini hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykardy.