Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa üstünlikli sapary: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 13-16-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm wakalardan we çärelerden ybarat boldy.

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Ýapon-Türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetine ýolbaşçylyk edýän H.Tsubaý we komitetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen aýratynlykda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar ykdysady komitetleriň ozal guralan bilelikdäki mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze geljegini kesgitlemek üçin mümkinçilik boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň arasynda iki şertnama gol çekilmegi saparyň aýratyn netijesi boldy. Şertnamalar Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody abatlamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu ädim energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek bilen, iki ýurda hem özara bähbitli bolup durýar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň awiasiýa häkimýetleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ýurtlaryň arasynda göni howa aragatnaşygyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijesinde gol çekilen Teswirnama iki ýurduň arasyndaky göni gatnawy üçin ýol açmak bilen, işewür we medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmen wekiliýetiniň wekilleri Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we maliýe edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary jenap Hosaka Şin bilen geçirilen duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, infrastruktura hyzmatdaşlygynyň Ýol kartasyny täzelemek, energetika pudagynda täze taslamalar we uglerodyň bitaraplygyny gazanmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynda (JBIC), Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynda (JETRO), Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginde (JICA) we beýleki iri edaralarynda geçirilen duşuşyklar özara gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalaryň täze ugurlaryny kesgitledi.

Ýaponiýanyň Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) geçirilen duşuşyga aýratyn üns berlendigini, onuň dowamynda taraplaryň ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we maliýe goldawy bilen bagly meseleleri maslahatlaşandyklaryny bellemek bolar. Ýapon tarapy taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga we olara maddy taýdan goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti 14 sany duşuşyklary geçirildi hem-de iki tarapyň hem hyzmatdaşlyga ýokary derejede gyzyklanýandygyny we taýýardygyny görkezýän 3 sany möhüm resminama gol çekildi. Bu sapar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy hem-de bilelikdäki taslamalar we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri açdy.