Türkmenistan we Ýaponiýa sanlaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Hadysalara taýýarlyk we kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň Milli Merkeziniň wekili bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň we sanlylaşdyrma pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, duşuşykda kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistan ösüşiň strategiki ugry hökmünde sanlylaşdyrmagy işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda ýurtda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaklyga, jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmaklyga we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeklige gönükdirilen maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu ugurda Ýaponiýa bilen strategiki hyzmatdaşlyk iki ýurt üçin täze geljegi we mümkinçilikleri açýar.