Weteranlaryň edermenligi – watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasy boldy hem-de olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy. 

Köşgüň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda söweş meýdanlarynda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen, tylda zähmetini gaýgyrman faşizmden gazanylan ýeňşe mynasyp goşant goşan adamlar hakynda gürrüň berýän surat eserleri, bezegli albomlar we dürli kitaplar goýlan sergi guraldy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýeňiş güni — bu parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gyzyklanmalary äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýän bu baýramy has-da dabaralandyrýar. 

Geçen urşuň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýup, ýaş nesilleri Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan derejede terbiýelemek ýaly asylly işde parahatçylygyň, asuda we bagtyýar durmuşyň gadyryna has doly düşünýäris. Bu dessur parzdyr we mukaddesdir. 

Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleriniň şanyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde hem-de obalarynda baýramçylyk çäreleri, duşuşyklar, çeperçilik sergileri, döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary geçirilýär. 

“Mekan” köşgünde geçirilen dabara uruş weteranlary, ýaryny urşa ugradan eneler, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. 

Köşgüň sahnasynda Watanymyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen weteranlara çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Esgerleriň mähriban topraga bolan söýgüsi we yhlasy hormata mynasypdyr hem-de ýaş nesiller üçin beýik ahlak ýörelgeleridir. Pederlerimiziň şöhratly däplerini, taryhy hakydany saklamak, hormat goýmak ýaş nesilleriň perzentlik borjudyr. 

Türkmen halky ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine hemişe ygrarlydyr. Häzirki döwürde hem beýleki halklar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan türkmen halky üçin öz gahrymanlarynyň ýörelgeleri baş çelgi bolup durýar. Geçen uruş we onuň ýowuzlygy baradaky hakyda ählumumy hyzmatdaşlygyň bähbidine halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly güýje öwrüldi. 

Uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler öz çykyşlarynda ýaşuly nesil hakynda yzygiderli alada edýändigi, urşa gatnaşanlaryň maşgalalaryna hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaşuly nesliň bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şäherleri we obalary ösýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Türkmenistanlylaryň netijeli zähmeti we döwrebap dynç alşy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Uruş weteranlary we ýaşulular bilen geçirilýän duşuşyklaryň uly ruhy täsiri bar. Bu çäreler halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryň baý taryhyna, medeniýetine has giňişleýin göz ýetirmäge, nesilleriň arabaglanyşygyny, eziz Watanymyzyň abadançylygy ugrunda taglymlaryň we jogapkärçiligiň dowamatlylygyny berkitmäge ýardam berýär. 

Weteranlara hem-de urşuň yzynda galan enelere ýadygärlik sowgatlary we güller gowşuryldy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň “Göreldeli” harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly watançylyk aýdymy ýaňlandy. Soňra sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary boldy. 

Şu gün uruş weteranlaryny hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň medeniýet merkezlerinde çäreler guraldy. . 

Ýeňiş gününe bagyşlanan esasy çäreler 9-njy maýda geçiriler, onda tutuş türkmen halky ähli gowulyklary, häzirki bagtly durmuşy we nurana geljegi alamatlandyrýan Ýeňiş baýramyny bellär. 

Şol gün “Halk hakydasy, hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň milli gahrymanlaryna bagyşlanyp gurlan ýurdumyzyň beýleki şäherlerindäki ýadygärliklere hem däp bolan gül goýmak dabaralary bolar. Türkmenistanlylar kalplarynyň töründen çykýan duýgulara eýerip, söweş meýdanlarynda janyny pida eden Watanymyzyň ogullarynyň hem-de gyzlarynyň ýagty ýadygärligini sarpalaýarlar, çünki olaryň ýatdan çykmajak söweşjeň we raýatlyk edermenligi parahatçylykly durmuşymyzyň binýadyny goýly. 

Tutuş ýurdumyz boýunça konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, döredijilik duşuşyklary guralar.