Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň maşgalasyna Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby gowşuryldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 01-nji aprelinde Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň maşgalasy hanym Akie Abe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň ýapon dilindäki görnüşini gowşurmak çäresi geçirildi.

Hanym Akie Abe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eserinde Sindzo Abe barada ýakymly ýatlamalar bilen beýan edilendigi üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Çäräniň dowamynda taraplar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmeginiň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrülendigi barada bellediler.