Türkmenistan we Ýaponiýa lukmançylyk pudagynda ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlygy bildirdiler
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2024-nji ýylyň 17-19-njy iýuly aralygynda Tokio uniwersitetinde geçirilen Dodak we akne keselleri boýunça halkara gaznasynyň 16-njy bütindünýä kongresine gatnaşdy.
Kongresiň prezidenti, professor Kazuto Hoşi we bu halkara gaznanyň başlygy, professor Nagato Natsume öz çykyşlarynda foruma gatnaşyjylara adamyň eňek-ýüz operasiýalaryny kämilleşdirmekde iň täze we döwrebap lukmançylyk tehnologiýalarynyň ösüş tendensiýalary barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Ilçisi we ýokarda ady agzalan Halkara lukmançylyk gaznasynyň ýolbaşçylary ýakyn wagtda lukmançylyk pudagynda ýapon-türkmen ylmy hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.
Ýaponiýanyň iň uly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tokio uniwersitetiniň ýokary derejeli hünärmenler bilen öz hassahanasynda dünýäniň aglaba ýurtlaryndan köp sanly myhmanlary kabul edýär. Açylyş dabarasyndan soň çäräni guraýjylar Halkara gaznasynyň işleri barada giňişleýin maglumat berdiler.