TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY ENDO TOŞIAKI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 02-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bellenildi.
Bu babatda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň dostluk toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi işjeň parlamentara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar.
Özara gepleşiklerde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň möhümligi bellendi.
Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.