Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde medeni alyş-çalyş sergileri
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry - 4-nji oktýabry aralygynda Sukuba uniwersitetinde medeni alyş-çalyş sergileri geçirildi.
Bu sergiler Türkmenistanyň baý medeniýeti bilen tanyşdyrmak we Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna dabaralandyrmak maksady bilen guraldy.
Serginiň dowamynda daşary ýurtly talyplar üçin Türkmenistanyň medeni mirasyny şöhlelendirýän amala-haşam sungaty bilen tanyşmaklyga, milli türkmen egin-eşiklerini geýip görmeklige ajaýyp mümkinçilik boldy. Gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýapon diline terjime edilen kitaplarynyň üsti bilen onuň mirasy we goşgulary bilen tanyşdylar. Bu eserler okyjylary şahyryň taglymatlarynyň, gymmatlyklarynyň we paýhasynyň ähmiýeti barada pikirlenmäge höweslendirip, olara gymmatly düşünjeleri berdi.