“Inženerçilik biliminde okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek” atly hünär kämilleşdiriş okuwy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4 sany mugallymy Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan 2024-nji ýylyň 5 nji oktýabryndan 22-nji dekabry aralygynda “Inženerçilik biliminde okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek” atly okuw tejribeligini dowam edýärler. Okuw saparynyň maksady, Ýaponiýanyň inženerçilik bilimindäki tejribesini öwrenip, olaryň guralyşyny öwrenmekden, okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmegi öwrenmekden, ylmy-barlag işleriň ugurlaryny saýlamagy öwrenmekden, tejribehanalarda öňdebaryjy ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmekden, ýerine ýetirilen işleri köpçülige ýetirmegi öwrenmekden, tehnologiýany önümçilige ornaşdyrmagyň ädimlerini öwrenmekden ybaratdyr.

Okuw saparynyň çäklerinde mugallymlar ylmy – barlag işleri ýerine ýetirýärler, hem-de JICA guramasynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan medeni köpçülik çärelerine hem gatnaşýarlar. 20.10.2024 senesinde mugallymlar Moriýa şäherinde MIFA (Moriya International Friendship Association) festiwalyna işjeň gatnaşdylar hem-de ýapon medeniýetine degişli aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Soňra Ýapon kaligrafiýasy we birnäçe beýleki çäreler arkaly Ýapon halkynyň medeniýeti öwrenildi we dürli tagamlar dadyldy. Dürli halklaryň medeniýetini özünde jemleýän bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan hem çykyşlar gurnaldy we onuň netijesinde Ýaponiýaly medeniýet işgärleri türkmen medeni däp-dessurlaryna ýokary baha berdiler.

01.11.2024 senede meýilnamada göz öňünde tutulan Ushiku Eishin orta mekdebinde boldular. Ol ýerde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy Toýjanow Mekan tarapyndan maksatnamada göz öňünde tutulan açyk sapak geçirildi. Sapaga ýapon okuwçylarynyň 300 sanysy we mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem JICA guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Sapagyň dowamynda türkmen halkynyň medeniýeti, taryhy şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklar dogrusynda tanyşdyryldy. tanadyldy. Açyk sapak tamamlanandan soň, uniwersitetiň mugallymy Mähri Annamyradowanyň ýerine ýetirmeginde türkmen dilinde aýdym diňlendi. Soňra okuwçylar bilen sorag-jogap alşyldy we mekdebiň ýolbaşçylary we okuwçylary dabara mynasybetli ähli mugallymlar özleriniň hoşallygyny bildirdiler. Türkmen tarapynyň çykyşlary tamamlanandan soň, mekdep okuwçylarynyň ýörite topary tarapyndan bu mekdebiň bilim ulgamy bilen bagly çykyşlar diňlenildi. Olar özleriniň sapaklarynyň guralyşy, şeýle hem mekdebiň çäklerinde hereket edýän merkezler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra Ýapon medeniýetine degişli bolan “Origami” sungaty bilen ýakyndan tanyşdylar we Türkmen-Ýapon hyzmatdaşlygy mynasybetli 2 ýurduň baýdagynyň ýanynda ýadygärlik surata düşdiler.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim babatda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.