Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyp gyzy Ýaponiýada hünär taýýarlygyny ýokarlandyryş okuwyny geçdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň dördünji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa «Özara düşünişmek, intellektual alyşmalar we akademiki gatnaşyklar» (MIRAI) atly ýapon bilim başlangyjynyň çäklerinde «Kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagy» diýen ugur boýunça gysga möhletli hünär taýýarlygyny ýokarlandyryş okuwyny geçdi.

Şeýle hem gysga möhletli okuwa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly ýurtlardan hukuk ulgamyndaky talyp-hukukçylar, magistrler, aspirantlar, ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Maksatnamanyň dowamynda diňleýjiler üçin «Merkezi Aziýa we Kawkaz babatda Ýaponiýanyň daşary syýasaty», «Halkara jemgyýetçiliginde hukuk ulgamynyň ileri tutulmagy», «Ýaponiýanyň administratiw kazyýet ulgamyna syn», «Hukuk we adalat ulgamy», «Ýaponiýada hukuk bilimi» we «Hukuk hyzmatdaşlygy arkaly hukuk ulgamynyň aýratynlygynyň gazanylmagy» ýaly temalar boýunça umumy sapaklar geçirildi. Okuwlar bu ulgamlardaky ýokary derejeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçdi.

Maksatnamanyň maksady oňa gatnaşyjylary Ýaponiýanyň hukuk we bilim ulgamlary, şeýle hem onuň medeniýeti, sungaty, milli däpleri hem-de taryhy gözel ýerleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

MIRAI taslamasy ýaşlary alyşmagyň gysga möhletli maksatnamasy bolup, halkara hyzmatdaşlyga, medeniýetleriň baýlaşmagyna we Merkezi Aziýanyň hem-de Kawkazyň ýaş hünärmenleriniň we talyplarynyň arasynda özara düşünişmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Maksatnama bilim ugurlaryny, medeni tejribeleri hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri özünde jemleýär. Oňa gatnaşyjylar umumy sapaklara, okuw maslahatlara we beýleki çärelere baryp, kabul edýän ýurduň hukuk ulgamy, medeniýeti hem-de taryhy barada düşünje alýarlar.