img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Osaka şäherine iş sapary barada

photo

2025-nji ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Osaka şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisiniň Baş sekretarynyň orunbasary M.Içinoki we «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisiniň Protokol işleriniň başlygy T.Hikihara  bilen duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa meýilleşdirilýän saparynyň guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli güni dabarasynyň çäreleri barada bellenildi.