Türkmenistanyň Ilçisi “Tokio Marafon 2025” çäresine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow, Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen “Tokio Marafon - 2025” çäresine gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden 38,000-den gowrak gatnaşyjylary jemledi. Tokio marafony her ýyl geçirilýär we 42 km 195 metr aralygyny geçmekde bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Bu dünýä derejesindäki bir waka bolup, “World Marathon Majors” toplumyna degişli alty sany marafonlaryň biridir we “World Athletics” tarapyndan berlen platina derejesine eýedir. Çäräniň hemaýatkäri Tokio şäher häkimligi bolup durýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda, Ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, hususan-da ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanma döretmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýändiklerini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn başlangyçlarynyň netijesinde Aşgabat şäherinde bu maksatlar üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň başlangyjy bilen sportuň has giňden ösmegine uly goşant goşan möhüm mysallar hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen kararnamalar, ýagny, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly kararnamanyň, 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda kararnamanyň we "Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly kararnamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyzyň öňe sürýän syýasatyna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, şol sanda türkmen dzýudoçylarynyň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagyna taýýarlyk görmek üçin hyzmatdaşlyk has hem ösdürilýär.