Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Sammitiň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

“Garaşsyzlyk” köşgünde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde “Merkezi Aziýa - Hytaý” ikinji sammiti geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler.

Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýetiň berilmegi teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Häzirki günde Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.

Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti innowasion hyzmatdaşlyk barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy .

Türkmenistanyň döwlet Baştutany sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi we “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Sammitdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa halkara gatnaşyklaryň we söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm gatnaşyjy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa - Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa - Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa - Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi.

Şeýle-de sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.