BMG-NIŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BAÝDAK GALDYRMAK DABARASY

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy geçirildi.
Bu dabara, her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüş meselelerine bagyşlanan global forumyň ähmiýetiniň beýany bolup hyzmat edýär.
Baýdak galdyrmak dabarasyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima gatnaşdylar.
Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli geçirmek üçin uly jogapkärçilik bilen ähli zerur taýýarlyk işlerini geçirdi.
Bu möhüm çäre, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak we berkitmek, hem-de ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň mandaty berlen ähliumumy halkara platformasy hökmünde garaýandygyny görkezýär.