Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri we köpçlikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjy ýokary derejeli myhmanlary mähirli garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang çykyş etdiler.

Çykyşlarda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar.

Soňra BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar», forumlar, duşuşyklar we beýleki ugurdaş çäreler geçirilýär.