Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýan Katar Döwletiniň wekili bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti halkara maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin Marýam bint Ali Al-Misnede hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä mähirli salamyny beýan etdi.

Myhman ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy hem-de forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim bolandygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, Marýam bint Ali Al-Misned türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Awazanyň gözel keşbi barada aýdyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Katar Döwleti bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Çagalaryň nurana geljegini döretmekde iki ýurt asylly işleri durmuşa geçirýärler. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taraplar ynsanperwer gaznalaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned türkmen-katar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.