Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

K.Kosaçýow bu ýerde türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylandyklary hem-de halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň iberen salamyny we aýdan hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklar iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

K.Kosaçýow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde guralan Parlament forumynda degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny nygtady.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunda halkara forumyň çäklerinde geçirilen giň möçberli çärelerde kabul edilen çözgütleriň wajypdygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we russiýaly myhman iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.