Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän bu giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Täjigistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Türkmenistanda uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, bu halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ähli ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Söhbetdeşler türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.

Taraplar dürli ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine hem-de toplanan oňyn tejribesine ýokary baha berip, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň we hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň zerurdygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ozal gazanylan hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Umumy pikire görä, hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme hem-de ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryny aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän iki halkyň köpasyrlyk dostlugy täze taryhy eýýamda deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.