«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde türkmeniň haly sungatynyň we milli lybaslarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň milli pawilýonynda dabaraly çäreler geçirildi.

Dabara türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň – nepis haly sungatynyň we milli lybaslarynyň dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrylmagyna bagyşlandy hem-de onuň çäklerinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryna aýratyn orun berildi.

Çäräniň dowamynda sergä gatnaşýan halkara jemgyýeti türkmen halylarynyň gözelligi, milli nagyşlarynyň mazmuny, şeýle hem dokma önümleriniň ösüş derejesi bilen tanyşdyryldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň dokma senagaty we haly önümçiligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri barada çykyşlar edildi.

Dabaranyň aýratyn täsir galdyran pursatlarynyň biri türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň taýýarlan häzirki zaman öwüşginli milli lybaslary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde türkmen haly sungaty boýunça ýörite master-klass görkezilişi geçirildi. Myhmanlar haly dokalyşynyň inçelikleri, nagyşlaryň manysy we halyçylyk däplerimiz bilen ýakyndan tanyşdylar.

Geçirilen dabaraly çäreler halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we türkmen halkynyň baý ruhy-medeni mirasynyň dünýäde giňden şöhlelendirilmegine ähmiýetli goşant boldy.