img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen “Ylym we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny” atly forumyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Kýoto şäherinde geçirilen “Ylym we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny (STS)” atly forumynyň 22-nji ýyllyk maslahatynyň işine gatnaşdy.

Maslahatyň işi resmi açylyş dabarasyndan, giriş çykyşlaryndan, esasy mejlisden we mowzuklaýyn sessiýalardan ybarat boldy.

STS forumynyň resmi açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.  

Agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ylym, tehnologiýa, innowasiýa we bilim ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen meseleler boýunça duşuşyklary we söhbetdeşlikleri geçirdi.