Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürler forumyna gatnaşdy

photo

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürler forumyna gatnaşdy.

Çärä Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, italýan ýokary derejeli wekiller we iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türmenistanyň Prezidenti işewürler forumyndaky öz çykyşynda Türkmen-italýan gatnaşyklaryny göni işewür gepleşikler arkaly ösdürmäge, dünýäniň geoykdysadyýetindäki häzirki meýilleri, umumy mümkinçilikleri we geljegi şöhlelendirýän hil taýdan täze hyzmatdaşlyk derejesine geçmek üçin anyk şertleri döretmäge gönükdirilen bu duşuşygyň möhümdigini belledi.

«Açyk gapylar» syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri uzak möhletli garaýyşda milli ykdysadyýetiň ösüşini täze höweslendirmeler we itergiler bilen üpjün etmek bolup durýandygy bellenilip, şunda ilkinji nobatda daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistana çekmäge uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugurlaryny, ileri tutulýan ugurlaryny we strategik maksatlaryny nygtady.

Senagat jemgyýetini döretmek we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň arasynda görkezildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistandan energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we esasy turbageçirijileriň, şol sanda günbatar ugurda turbageçirijileriň gurluşygynyň iň esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galýandygyny belledi.

«Milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, biz italýan işewürliginiň bu ugurda möhüm we mynasyp orun eýelemegini isleýäris. Onuň işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýar» diýip, döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini nygtap aýtdy.

Şeýle hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar-Ortaýer deňzi geçelgesiniň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň we Italiýanyň geografiki ýerleşişi sebäpli bu uguryň döredilmeginde möhüm orun oýnajakdygyna belledi.

Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhammedow dokma senagatyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçli ösüşe eýe bolýan ýene bir ugury hökmünde kesgitledi. Türkmenistan ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny ep-esli giňeltmek, taýýar egin-eşikleri öndürmek üçin bilelikdäki kärhanalary döretmek we täze bazarlara çykmak arkaly uzak möhletli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank we maliýe pudagynyň hem-de karz ulgamynyň işjeňleşdirilýändigi bellenilip, Türkmenistanyň Italiýanyň tejribesine, şol sanda Italiýanyň maliýe ulgamynyň, maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we biržalarynyň esaslandyrma tejribesine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Döwlet Eksport Karz Agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Işewürlik forumy tematiki mejlisler görnüşinde geçirildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.