img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkeziler

photo

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen, türkmen mekdep okuwçylary 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Tokio şäherinde geçiriljek «Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň surat sergisine gatnaşarlar.

Agzalan sergi Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti we «SUMI» Halkara assosiasiýasy tarapyndan bilelikde gurnalýar.

Ýurdumyzda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegiň çäklerinde, ýokarda görkezilen sergide ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň çeken suratlary görkeziler. Sergide behişdi bedewlerimize bagyşlanyp çekilen suratlara aýratyn orun beriler.