Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar boýunça dowamly hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen, iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.