Toyota onuň watany Ýaponiýa bilen deňeşdirilende Türkmenistanda has meşhur hasaplanýar
Türkmenistanda awtoulag bazarynyň 60-70 göterimini «Toyota» kysymly awtoulaglar eýeleýär. Bu görkeziji olaryň öz watany bolan Ýaponiýa bilen deňeşdirilende has ýokarydyr (Ýaponiýada 50 göterimden az). Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Imperatoryň doglan güni mynasybetli geçiren dabaraly kabul edişlikde bellenildi.
Ilçihananyň tanyşdyryş maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistana eksport edilen ýapon harytlarynyň 50 göterimi awtoulaglaryň paýyna düşdi.
«Toyota» kysymly awtoulaglary Türkmenistanda giňden ýaýrandyr, olaryň paýy awtoulaglaryň umumy möçberiniň 60–70 göterimini düzýär. Ýaponiýada bolsa Toyota awtoulaglarynyň paýy 50 göterimden az. Şoňa görä-de, Toyota awtoulaglaryna Türkmenistanda Ýaponiýadakydan hem has köp duş gelinýär» - diýlip, Ilçihananyň habarynda bellenilýär.