img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady howpsuzlyk boýunça ministri bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi   A.Baýramow Ýaponiýanyň Ykdysady howpsuzlyk boýunça ministri Kimi Onoda bilen duşuşdy.  

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, has takygy emeli aň (AI) we sanly özgeriş,  ylym we innowasiýa hyzmatdaşlygy, ýaşyl tehnologiýalar, bilimi ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, uniwersitetler we guramalar arasyndaky hyzmatdaşlyk, ykdysady howpsuzlyk we kiberhowpsuzlyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

K.Onoda şol bir wagtyň özünde “Cool Japan” strategiýasy, Intellektual eýeçiligi strategiýasy, Ylym we tehnologiýalar syýasaty boýunça Döwlet ministri wezipesini ýerine ýetirip, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň agzasy bolup durýar.