img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow “Nagatakai” çäresine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramow ýurduň häkimiýet başyndaky Liberal Demokratik Partiýasy (LDP) tarapyndan guralan “Nagatakai” çäresine gatnaşdy.

Çykyşynda Ilçi Türkmen-Ýapon gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň, syýasy, parlamentara we partiýa gatnaşyklaryny, şeýle hem hyzmatdaşlygyň ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryny ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Bu çäräniň çäginde Ilçi Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Baş sekretary Şuniçi Suzuki bilen hem söhbetdeş boldy.

Bu çäre Ýaponiýada akkreditirlenen ýapon dilinde gepleýän Ilçiler üçin geçirilip, özara alyş-çalyşy çuňlaşdyrmak we hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen Ýaponiýanyň syýasy toparlarynyň wekilleri bilen gönüden-göni gepleşik geçirmek üçin platforma bolup hyzmat edýär.